18-nji sentýabrda Astanada «Merkezi Aziýa + Italiýa» işewürlik platformasynyň forumy geçirildi we onuň çäginde «B5+ITALY» meýdançasy resmi taýdan işe girizildi. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi habar berýär.
Forumyň işine Italiýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrleriniň orunbasarlary hem-de Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkaliýew gatnaşdy.
Italiýa tarapyna Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretarynyň orunbasary Mariýa Tripodi wekillik etdi.
Forumda Italiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda we maýa goýumlary, senagat kooperasiýasy, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ulag we logistika, sebit merkezlerini ösdürmek, seýrek duş gelýän möhüm minerallar, ýaşyl energetika we durnukly ösüş, şeýle hem agrosenagat, oba hojalyk önümlerini çuňňur gaýtadan işlemek, energetika we nebit hyzmaty ýaly ugurlary öz içine alýan giň hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Işewürlik forumyny geçirmek başlangyjy, 2025-nji ýylyň maý aýynda Astanada Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň gatnaşmagynda geçirilen «Italiýa — Merkezi Aziýa» sammitiniň amaly dowamy boldy we Italiýa bilen sebitiň bäş ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde täze tapgyryň başlangyjyny goýdy.
2019–2025-nji ýyllar aralygynda Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy oňyn ösüş depginini görkezip, 46,5 göterim artdy.
Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň belleýşi ýaly, görkezijileriň ösüşi Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag-logistika aragatnaşyklarynyň merkezinde ýerleşýän, energetika serişdelerine we çig mala baý, takmynan 80 million ilatly sebitiň uly bazary bilen baglanyşyklydyr.
