SPORT

Türkmen dzýudoçylary Bakuda geçirilýän dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmen türgenleri şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki Milli gimnastika meýdançasynyň binýadynda badalga alan dzýudo boýunça XXXIX dünýä çempionatyna gatnaşýarlar. Baku şäheri 2018-nji ýyldan soň dünýäniň baş ýaryşyny ikinji gezek kabul edýär.

Häzirki dünýä çempionaty 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna barýan täze olimpiýa ilkinji iri ýaryşy bolup, Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) dünýä reýtingini kemala getirmekde möhüm tapgyra öwrüler. Giň gerimli sport forumyna alty yklymyň 93 ýurdundan 622 türgen gatnaşýar. Olaryň 335-si erkekleriň, 287-si zenanlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlarda çykyş eder.

Halkara dzýudo federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, dünýä çempionatyna diňe öz agram derejesinde häzirki dünýä reýtinginiň (WRL) ilkinji ýüzlügine girýän pälwanlar gatnaşyp bilýär. Bu bolsa ýaryşy dünýäniň iň güýçli dzýudoçylarynyň bäsleşigine öwürýär.

Şahsy çempionatyň baýrak gaznasy 800 müň ýewro deňdir. Birinji orny eýelän dzýudoça 20 müň 800 ýewro, onuň tälimçisine bolsa 5 müň 200 ýewro gowşurylýar. Ikinji orun üçin türgene 12 müň ýewro, tälimçisine 3 müň ýewro, üçünji orun üçin bolsa degişlilikde 6 müň 400 we 1 müň 600 ýewro berilýär.

Ýaryşlar däp bolşy ýaly, erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda bolsa 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 78 kilogramdan ýokary agram derejelerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 4 sany dzýudoçy – 3 sany erkek türgen we 1 zenan türgen çykyş eder. Olaryň ählisi halkara sanawynyň ilkinji ýüzlüginde orun almagy başardylar.

Federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen resmi arza laýyklykda, milli ýygyndynyň düzümine Serdar Rahymow (66 kg çenli, 48 gatnaşyjy), Meýlis Şamyradow (73 kg çenli, 50 gatnaşyjy), Baýmyrat Majanow (100 kg çenli, 56 gatnaşyjy) we Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli, 42 gatnaşyjy) girýär.

Türkmen toparyndan ilkinji bolup 5-nji oktýabrda Bakuda 22 ýaşly Serdar Rahymow çykyş etdi. Ol 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan hem-de şol ýyl Duşanbede geçirilen «Grand Slam» ýaryşynyň ýeňijisidir. Häzirki wagtda 606 utuk bilen dünýä reýtinginde 73-nji orunda durýan türkmen dzýudoçysynyň ilkinji garşydaşy 28 ýaşly ispaniýaly Adrian Nieto Çinarro boldy. Ol federasiýanyň dünýä reýtinginde 1912 utuk bilen 19-njy orny eýeleýär.

Ýaryşyň indiki güni 6-njy oktýabrda 2024-nji ýylyň Pariž Olimpiadasyna gatnaşan, XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň (2023) we 2024-nji ýylda Antalýada geçirilen «Grand Slam» ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi Maýsa Pardaýewa çykyş eder. 57 kilograma çenli agram derejesinde 1902 utuk bilen dünýä reýtinginiň 20-nji ornunda durýan türkmen türgeniniň garşydaşy Koreýa Respublikasynyň 24 ýaşly dzýudoçysy Kim Juhi bolar. Ol dünýä reýtinginde 512 utuk bilen 75-nji orny eýeleýär.

Şol gün, 6-njy oktýabrda ýaryşa 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Meýlis Şamyradow hem çykar. 478 utuk bilen dünýä reýtinginde 88-nji orunda durýan türkmen dzýudoçysy ilkinji tapgyrda 33 ýaşly çehiýaly tejribeli pälwan Husniddin Karimow bilen duşuşar. Karimow federasiýanyň reýtinginde 1637 utuk bilen 25-nji orny eýeleýär.

Türkmen dzýudoçylarynyň dünýä çempionatyndaky çykyşyny 9-njy oktýabr, anna güni 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Baýmyrat Majanow tamamlar. Oňa iň kyn bije düşdi ýaryşyň esasy pälwanlarynyň biri we ýerli janköýerleriň esasy umydy bolan 28 ýaşly azerbaýjan Zelim Kosoýew bilen duşuşar.

Dzýudo boýunça dünýä çempionaty 11-nji oktýabrda garyşyk toparlaýyn ýaryşlar bilen tamamlanar.

Related posts

43 ýyldan soňra kubok gazandy

“Liwerpul” çempionlyk kubogyny aldy

“Barselona” rekord goýmagyny dowam edýär