2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň 10 sany metbugat işgäriniň Türkiýe Respublikasynyň Balykesir we Çanakkale şäherlerine syýahaty başlandy. Bu metbugat syýahatyna “Ata Watan Media”-nyň wekili Mährijemal Berdiýewa hem gatnaşýar.
Syýahatyň dowamynda türkmenistanly metbugat işgärleriniň Türkiýäniň baý taryhy-medeni mirasy, milli däp-dessurlary, tebigy gözellikleri we sebitiň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmagy göz öňünde tutulýar.
Balykesir we Çanakkale şäherleri taryhy ýadygärlikleri, medeni gymmatlyklary hem-de özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu sapar metbugat işgärlerine sebitleriň taryhy geçmişini, medeni mirasyny we häzirki ösüşini öwrenmäge, şeýle hem toplanan maglumatlary giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik döreder.
Şeýle halkara metbugat saparlary iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara tejribe we maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
“Ata Watan Media” hem bu syýahatyň dowamynda Balykesir we Çanakkale şäherlerinde geçiriljek çäreler, taryhy-medeni ýadygärlikler we gyzykly duşuşyklar barada taýýarlanjak habarlary, fotosuratlary hem-de wideoreportažlary okyjylaryna we tomaşaçylaryna gyzgyny bilen ýetirer.
Täzelikleri ilkinji bolup bilmek üçin www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzy yzygiderli yzarlaň!
