SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni howa gatnawlarynyň gerimini has-da giňeltdi. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap güýje girýän täze uçuş tertibinde ýurduň welaýatlarynyň arasynda amala aşyryljak göni howa gatnawlary doly we jikme-jik görnüşde köpçülige ýetirildi. Bu täzelik welaýatara ugurlarda içerki gatnawlary kämilleşdirmäge we sebitleriň arasyndaky howa baglanyşygyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Täze meýilnama laýyklykda, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Balkanabat we Kerki şäherleriniň arasynda yzygiderli göni uçuşlar ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Hepdäniň dürli günlerinde guralýan bu welaýatara ugurlar raýatlara Aşgabat şäherine gelip-gitmezden, welaýatdan welaýata göni syýahat etmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Hususan-da, täze tertibe laýyklykda uçuşlar aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär:

Daşoguz — Mary: sişenbe we penşenbe günleri sagat 11:40-da (yza gaýdyşyn sagat 13:30-da);

Daşoguz — Türkmenabat: ýekşenbe güni sagat 14:25-de (yza gaýdyşyn sagat 12:30-da);

Mary — Balkanabat: çarşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:15-de);

Türkmenabat — Balkanabat: duşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:05-de);

Balkanabat — Kerki: penşenbe güni sagat 12:20-de (yza gaýdyşyn sagat 14:50-de);

Daşoguz — Balkanabat: sişenbe we şenbe günleri sagat 12:10-da (yza gaýdyşyn sagat 14:10-da).

Aşgabat Halkara howa menzilinden, şeýle-de Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Balkanabat, Türkmenbaşy we Kerki şäherleriniň döwrebap howa menzillerinden ýerine ýetiriljek ähli ýerli uçuşlaryň doly maglumatlary we takyk wagt görkezijileri bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň» resmi internet saýtynda tertipde tanşyp bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri