JEMGYÝET

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşyk ulgamynda we mebel önümçiliginde zerur bolan serişdeleriň ýylda 7 müň 200 tonnasyny öndürýän önümçilik desgasynyň işe girizilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň birine öwrüldi.

Ulanmaga berlen täze önümçilik binasy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman we ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edildi. Bu önümçilik binasy ýurdumyzyň sarp edijilerini mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeler bilen doly üpjün eder. Galyndysyz usulda işleýän önümçilik binasy daşky gurşawa zyýansyz bolmak bilen, onuň önümçiligi ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Täze önümçilikde iş orunlarynyň 60-synyň döredilendigini aýratyn bellemeli.

Täze önümçilik binasynyň toý bagy kesilip, onda döredilen şertler, önümçiligiň binasy bilen tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Häzirki zaman önümçiliginiň ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy önümçiligiň yzygiderli esasda ýola goýulmagynyň baş şertini emele getirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy