Aşgabatda geçirilen hem-de “Ata Watan Media” toparynyň metbugat hyzmatdaşlaryndan biri bolan Türkmenistanyň Maýa goýumy halkara forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet düzümleri we hususy kärhanalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Şolaryň hatarynda:
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CSCEC International Construction Co., Ltd.» («China State Construction Engineering Corporation») kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Damen Workboats B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamyny has-da ösdürmek we olary kämilleşdirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Technical Cooperation B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda 2026 — 2036-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýşy, deňiz tehnologiýalary we ýerli önümçilik babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
- Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda Şertnama;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň arasynda Şertnama gol çekildi.
