JEMGYÝET

Emmanuel Makron: Türkmenistan Fransiýanyň ygtybarly hyzmatdaşy

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. 

Gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

– Ilki bilen, Fransiýanyň milli baýramy mynasybetli iberen Gutlagyňyz üçin Size hoşallyk bildirmek isleýärin. Öz gezegimde, Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzy ýakyn gatnaşyklar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda kesgitlenilen ýörelgelere we köpugurly hyzmatdaşlyga umumy ygrarlylyk baglanyşdyrýar. Türkmenistan Fransiýanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup, Merkezi Aziýada örän möhüm strategik orny eýeleýär. Şundan ugur alyp, hyzmatdaşlygymyzy, hususan-da, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda dowam etdirmäge hem-de pugtalandyrmaga çagyrýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Related posts

Rus kompaniýasy Türkmenistana täze tekliplerini berdi

Adam atlarynyň manysy 22-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi