Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bomyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda ministr Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Sungkýunkwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, täze ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda 1398-nji ýylda esaslandyrylan, 600 ýyldan gowrak baý akademiki däbi häzirki zaman emeli aň, täze energetika, inženerçilik we beýleki öňdebaryjy ylmy ugurlar bilen utgaşdyrýan Sungkýunkwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.
Duşuşygyň dowamynda öňe sürlen teklipleriň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny has amaly derejä çykarmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, ýaşlaryň we alymlaryň akademiki mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda bilelikdäki işleri ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
