BILIM

Türkmenistan Koreýanyň Milli Parlament kitaphanasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni mirasy aýawly saklamak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasy bilen akademik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň kitaphananyň elektron we bibliografik maglumat gorlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky başlangyçlar bar.

Şeýle-de özara kitap alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek teklip edildi. Bu ugurda akademik neşirleriň, elektron maglumat çeşmeleriniň, bibliografik maglumatlaryň we audiowizual materiallaryň özara alyş-çalşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen bilim merkezleriniň koreý dili, hukuk we döwlet dolandyryşynyň innowasion tejribesi boýunça maglumat çeşmelerine elýeterliligini giňeltmäge, şeýle hem koreý ylmy-gözlegçileriniň Türkmenistanyň baý taryhy, medeni we ylmy mirasy bilen tanyşmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.

Related posts

Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy

«Açyk gapylar»: Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet medeniýet instituty