8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidentiniň Türkmenistana, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana, şol sanda Garabaga amala aşyran saparlary kanagatlanma bilen bellenildi we bu saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Geçen ýyldan bäri iki ýurduň arasynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen bäş saparyň syýasy dialogyň ýokary depginini we özara gatnaşyklaryň ösüşini aýdyň görkezýändigi bellenildi.
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň soňky ýyllarda depginli ösýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Syýasy, ykdysady, ulag, üstaşyr geçiriş, logistika, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri, şeýle hem Hazar deňzi we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygynyň sebit döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Prezident Ilham Aliýew çäräniň ýokary derejede guralandygyny belledi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň formatyna doly hukukly agza hökmünde kabul edilendigini ýatladan Prezident Ilham Aliýew bu taryhy başlangyjyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülmegine biragyzdan goldaw berlendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.
