BIZNES

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny tanyşdyrdy

Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentliginiň başlygy Rawşanbek Sabirow Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna – 2026 (TIF 2026) gatnaşdy.

Müdirlik tarapyndan berlen habara görä, ol forumyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçiliklerini belledi.

Onuň bellemegıne görä, döwlet edaralary bilen hususy pudagyğ arasyndaky göni gepleşikleri berkitmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara maýa goýumlary artdyrmak hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edip biler.

Sabirow Gyrgyzystanyň maýa goýum kanunçylygyny hem-de maýadarlary goldamak mehanizmlerini kämilleşdirmegi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy we taslamalary ugradýan sanly gurallary ösdürmegi dowam etdirýändigini belledi.

Ol geljegi uly ugurlaryň arasynda emeli aňy, döredijilik senagatlaryny, gaýtadan dikeldilýän energetikany, şeýle hem infrastruktura we ulag-logistika taslamalaryny agzap geçdi. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlykda energetika, nebit-gaz önümleriniň üpjünçiligi, dokma senagaty, ulag, logistika we syýahatçylyk ugurlary hem aýratyn bellenildi.

Related posts

USAID Türkmenistanda maýa bazarlaryň ösdürilmegini goldaýar

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demirýol ýolbaşçylarynyň duşuşygy