JEMGYÝET

«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2026» atly halkara sergisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2026» atly halkara sergisi geçirildi. Tükrmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirilen sergä “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden geçirilmegi däbe öwrülen bu forum 31-nji gezek gapylaryny giňden açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, daşary ýurtly ilçiler, dünýäniň 75 döwletinden gelen köp sanly ýokary derejeli wekiliýet agzalary, halkara we sebit kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Halkara sergi we ugurdaş geçirilýän maslahatda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrullah bin Mohd Nasiriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem bolmagy türkmen-malaýziýanyň energetika hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýediginiň subutnamasydyr.

Üstümizdäki ýylda “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” atly şygar bilen geçirilýän sergi hem-de maslahatda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşylýar.

Sergä gatnaşýan kompaniýalar özleriniň nebitgaz pudagynda amala aşyrýan hyzmatlary barada giňişleýin maglumat berýärler. Bu sergä gatnaşýan kompaniýalardyr firmalar nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek, infrastruktura desgalaryny ösdürmek hem-de täzeçil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ugrunda uly tejribä eýedirler.

OGT-2026 halkara sergisi hem-de maslahatynyň esasy hyzmatdaşlary hem-de hemaýatkärleriniň hatarynda Azerbaýjanyň “SOCAR”, BAE-niň “Dragon Oil”, Hytaýyň “CNPC”,  Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýalary, şeýle hem “SLB”, “Petrofac”, “Sinopec” we “Baker Hughes” ýaly iri nebitgaz komapniýalary bar.

Sergi hem-de ugurdaş halkara maslahat 23-nji oktýabry çenli öz işini dowam etdirer.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa bardy

Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolar

Ata Watan Eserleri