JEMGYÝET

Howa demirgazykda 30 derejä çenli maýlady

Arktika yklymynda howa heniz görlüp-eşidilmedik derejede gyzýar. Yklymyň käbir ýerlerinde howanyň maýyllyk derejesi 30 gradusa çenli ýetýär. Bu hakynda «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Alymlaryň pikirine görä, bu ýagdaýyň esasy sebäbi, antisiklon bolup, atmosferanyň ýokary gatlagyndaky basyş asmany «täzeleýär». Şeýlelikde, garlar eräp, howanyň gyzgynlygy ýokarda görkezilen derejä çenli baryp ýetýär.

Aýdylyşy ýaly, bu ýagdaý ýene dowam eder. Yklyma yssy howa akymy Sibirden aralaşypdyr diýilýär.

Ýakyn günlerde yklymda howanyň hemişelik derejesi 20 gradusdan ýokarda saklanar. Şeýlelikde, hemişe iýul aýynda başlaýan buz ereme hadysasyna bu ýyl has ir gabat gelindi.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

24-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy