JEMGYÝET

Türkmenistan-ÝUNISEF: hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ÝUNISEF-niň biziň ýurdumyzyň Hökümetine “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda Milli strategiýada”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynda” kesgitlenilen wezipeleri çözmäge ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem işjeňleşdirmek barada aýdyp, ýakyn geljek üçin gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk çäreleri kesgitlediler.

 

Gyrgyz Prezidenti Türkmenistanda we Täjigistanda saparda bolar

 

Ýene-de okaň

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär