JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ABŞ ekologiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça COP-28 Maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy ekologiýa wehimleriniň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirkizaman ülňüleriniň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şonuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlaryny gönükdirmek, howanyň üýtgemelerine uýgunlaşmak üçin tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy öz çözgüdini talap edýär.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda COP -26 Maslahatynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyjy goldaýandygy hem-de onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.

Telefon söhbetdeşligi amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Related posts

Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy energetika boýunça maslahat geçirdi

Ata Watan Eserleri

8 ýaşly balykçy rekord goýdy

vepa

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katara resmi sapar bilen çagyryldy