MEDENIÝET

Neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylar

Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Neşirýat işi barada döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Amerikada Türkmen Dutarynyň owazy täzeden ýaňlanar

Ata Watan Eserleri

Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirilýär

“Magtymguly Pyragy” kinosy: uly ýeňiş – Gran-pri baýragy gazandy