MEDENIÝET

TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi

Türki döwletleriň arasynda edebiýat ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen Türki halklaryň medeniýeti guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi.

Munuň üçin geçirilen duşuşyga Türkmenistan tarapyndan hem wekil gatnaşdy. TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň Halkara gatnaşyklary boýunça sekretary Selim Babullaoglu, Gazagystanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Esdaulet, Gyrgyz Respublikasynyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Nurlanbek Kalybekow, Özbegistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Sirojiddin Saýýid, Türkiýäniň ýazyjylar birliginiň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Mahmut Erdemir, Ýewraziýa ýazyjylar birliginiň başlygy Ýakup Ömerogly dagy gatnaşdy.

Duşuşykda edilen çykyşlarda TÜRKSOÝ guramasynyň edebiýat ulgamynda alyp barýan işleri barada gürrüň edildi we täze döredilýän bileleşigiň türki dünýäsinde edebiýat ulgamynda hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi bellenildi.

Duşuşuygyň ahyrynda TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredilmegi hakyndaky resminama gol çekildi. TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşiginiň baş müdiri wezipesine Gazagystanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Esdaulet saýlandy.

Duşuşykda Azerbaýjanyň ýazyjylar birliginiň başlygy Anar Ryzaýew TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşiginiň hormatly başlygy wezipesine bellendi.

TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşiginiň ilkinji ýygnagy şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Nowai şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi