MEDENIÝET

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň taryhy we medeni Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen filmleriniň görkezilişi, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guralar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri mynasybetli geçiriljek çärelere medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem bu döredijilik çäräsiniň çäklerinde geçiriljek konsert maksatnamasynda Hajy Ýazmämmedow, Begmyrat Annamyradow, Aly Alyýew dagylar çykyş ederler. Şeýle hem sazandalardan Atajan Eýýubow we beýleki tanymal sungat we döredijilik ussatlarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar.

Related posts

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Aşgabatda 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkez gurlar

Diananyň awtoulagy auksionda satylar

Ata Watan Eserleri