MEDENIÝET

Döwletlide metjit gurulýar

Lebap welaýatynyň Döwletli şäherçesindäki metjidiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Welaýat neşiri metjidiň şäherçedäki Şaýoly köçesinde gurulýandygy habar berýär.

Binanyň guluşygy «Mizemez» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. Işe kärhananyň gurluşykçylarynyň 130-sy gatnaşýar. Täze metjit 300 orunlyk bolar. Onuň ýanynda sadaka berilýän bina hem gurulýar.

Ilkibaşda metjit we onuň binalar toplumy üçin 1,5 gektar meýdan çaklanypdy. Emma halkyň islegi içgin öwrenilip, bu meýdan 3 gektara çenli giňeldildi.

Related posts

Sms-habarnamasy: ýaşyl zolaklary basmazlyk ýatladylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyna eýe bolan raýatlarymyz

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri