DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Malaýziýa metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Diniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Ilçi ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Din, öz gezeginde KHBS-iň ugry boýunça gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berjekdigi barada nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi