BILIM

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň ähli orta mekdeplerinde 25-nji maýda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, baýramçylyk güni medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagy şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmaklarynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň uniwersiteti daşary ýurtly uniwersitetler bilen täze ähtnmalara gol çekdi

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar

Türkmenistan-ABŞ: täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary maslahatlaşylýar