BILIM

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew 3-nji martda Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamyndaky türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň oňyn hem-de dostlukly häsiýetini bellediler. Şeýle-de hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň arasynda öň ýola goýlan özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki akademiki we hünärmenler çärelerini guramak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenilip, muňa laýyklykda mowzuklaýyn çäreleri, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gatnaşmagynda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

“Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly onlaýn maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň alymlarynyň forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri