BILIM

Malaýziýada okamak üçin bilmeli esasy şertler haýsylar?

“Ata Watan Media” Malaýziýanyň Management and Science University (MSU) ýokary okuw mekdebiniň wekili bilen Malaýziýada ýokary bilim almagyň şertleri barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Soňky wagtlarda Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlardan we olaryň ene-atalaryndan redaksiýamyza köp sanly soraglar gelip gowuşýar. Soraglaryň aglabasy Malaýziýanyň uniwersitetlerine kabul edilmegiň tertibi, okuwa girmek üçin bildirilýän talaplar, okuw tölegleri we daşary ýurtly talyplar üçin döredilýän mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Ata Watan Media paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Malaýziýanyň Management and Science University (MSU) ýokary okuw mekdebiniň Global Affairs bölüminiň akademiki geňeşçisi Fatimah Zahra Binti Mohamed Nazri bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Malaýziýada ýokary bilim almak, uniwersitetlere kabul edilmegiň şertleri, daşary ýurtly talyplar üçin okuw mümkinçilikleri hem-de türkmen ýaşlaryny gyzyklandyrýan beýleki meseleler barada gürrüň edildi.

Hormatly okyjylarymyz!

Malaýziýada ýokary bilim almak barada taýýarlanan bu söhbetdeşligi aşakdaky jemgyýetçilik torlaryndaky sahypalarymyzdan dolulygyna tomaşa edip bilersiňiz:

  • Instagram: @atavatanturkmen
  • TikTok: @atawatanhabarlary
  • YouTube: Atavatan TV

Malaýziýada ýokary bilim almagy meýilleşdirýän bolsaňyz, bu söhbetdeşlik sizi gyzyklandyrýan köp sanly soraglara jogap tapmaga ýardam berip biler.

Ata Watan Media

Related posts

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy: Talyp: 2021

vepa

1-nji synp okuwçylara «Bilimli» noutbuklary sowgat berler

Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi