“Ata Watan Media” Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) lektory Gerwin Maag bilen Germaniýada ýokary bilim almagyň şertleri we talyp haklary barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.
Soňky wagtlarda Germaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlardan we olaryň ene-atalaryndan redaksiýamyza köp sanly soraglar gelip gowuşýar. Soraglaryň aglabasy Germaniýanyň uniwersitetlerine kabul edilmegiň tertibi, okuwa girmek üçin bildirilýän talaplar, nemes dilini öwrenmek, talyp haklary we daşary ýurtly talyplar üçin döredilýän mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Ata Watan Media paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) lektory Gerwin Maag bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Gerwin Maag Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda DAAD maksatnamasynyň çäklerinde iş alyp barýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Germaniýada ýokary bilim almak, uniwersitetlere kabul edilmegiň şertleri, nemes dilini öwrenmegiň ähmiýeti, talyp haklary, şeýle hem Germaniýada bilim almak isleýän türkmen ýaşlaryny gyzyklandyrýan beýleki meseleler barada gürrüň edildi.
Hormatly okyjylarymyz!
Germaniýada ýokary bilim almak mümkinçilikleri barada taýýarlanan bu söhbetdeşligi aşakdaky jemgyýetçilik torlaryndaky sahypalarymyzdan dolulygyna tomaşa edip bilersiňiz:
- Instagram: @atavatanturkmen
- TikTok: @atawatanhabarlary
- YouTube: Atavatan TV
Germaniýada ýokary bilim almagy meýilleşdirýän bolsaňyz, bu söhbetdeşlik sizi gyzyklandyrýan köp sanly soraglara jogap tapmaga ýardam berip biler.
Ata Watan Media
