JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri germaniýaly professor lukmanlar bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy.

Professor-lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi, saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýaly professor lukmanlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, lukmançylyk edaralarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini bellediler. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagyny we olaryň görnüşleriniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna kanagatlanma bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Germaniýanyň bu ugur boýunça oňyn tejribe toplan professor-lukmanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdiler we saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär