JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň başlyklary saýlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 7-nji çagyrylyşyň birinji maslahaty geçirildi. Şonda Mejlisiň Başlygy we orunbasary, şeýle hem Mejlisiň 8 sany komitetiniň başlyklary saýlandy.

Ýusupguly EşşäýewAdam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy. 

Batyr Baýlyýew – Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy. 

Guwançmyrat Agaýew – Ykdysady meseleler baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy.

Annamuhammet Saryjaýew – Durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy.

Bahar Seýidowa – Ylym, bilim medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy.

 Çarygeldi Babanyýazow – Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy.

Begmyrat MuhammedowHalkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy.

Maksatberdi GurbanowÝerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlandy.

 

 

 

 

Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy boldy

Related posts

Migrasya (Göç) alanında hukuk danışmanlık hizmeti

vepa

Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

“Rönesans Holding” Aşgabat üçin täze söwda merkeziniň taslamasyny taýýarlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment