Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.
Mähirli we hoşniýetli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy älem giňişligini özleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň, ylym ulgamynyň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin peýdalanmagyň meseleleri barada aýtdy. Şunda türkmen ýaşlaryny bu ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklara çekmegiň, olaryň kosmos ylmyny özleşdirmeklerini ýola goýmagyň meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan älem giňişligini öwrenmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna möhüm üns berýär. Ýurdumyzda ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine giň ýol açýar.
Oleg Kononenko Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň kosmosa bolan gyzyklanmalaryny durmuşa geçirmek, kämil inženerçilik hünärlerini ele almak barada aýdanlarynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, bu babatda öz tarapyndan zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. “Dogduk Diýarymyzda taryhy ähmiýeti bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak meniň üçin uly hormatdyr” diýip, myhman belledi.
Gahryman Arkadagymyz we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko belent sepgitlere tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň älem giňişligini özleşdirmäge işjeň gatnaşmagynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellediler. Munuň özi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda belent derejeleri nazarlaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
