JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz,  “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig hem-de Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.

Jon Riz bilen bolan duşuşykda Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň, şol sanda golf sportunyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigini belläp, ýurdumyzda golfçularyň täze nesliniň kemala gelýändigini aýtdy.

Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

“Bouygues” kompaniýasy bilen bolan duşuşykda, bu kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlygyň türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi.

Marten Buig bildirilýän ýokary ynamyň özlerini has tijenip işlemäge we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem degişli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn çözgütleriň kabul edilendigini nygtady. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleriniň öwreniljekdigini belledi. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine giň ýol açar.

Related posts

Täze ýolbaşçylar wezipe bellendi

Rahmon täzeden prezidentlige saýlandy

Türkmen Lider, torunlarıyla Avaza’da tatil yaptı

vepa