JEMGYÝET

Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 7-nji çagyrylyşyň birinji maslahaty geçirildi. Şol maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze ýolbaşçysy saýlandy. Ol gizlin ses bermek arkaly geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy wezipesine Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa teklip edildi we oňa gizlin ses bermek arkaly deputatlaryň ählisi öz sesini berdiler.

Şeýle hem Mejlisiň 7-nji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda Mejlisiň Başlygynyň orunbasary hem saýlandy. Oňa Türkmenistanyň deputaty Gahryman Rozyýew saýlandy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Maslahatynda çykyş etdi

Türkmenistan bilen Italiýa birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar

Leave a Comment