BILIM

Çagaňyzy türkmen-türk mekdebinde okatmak üçin näme etmeli?

“Ata Watan Media” topary bilelikdäki türkmen-türk mekdebine çagalary kabul etmegiň tertibi barada mekdebiň mugallymlary bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Soňky wagtlarda çagalaryny bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde okatmak isleýän ene-atalardan redaksiýamyza köp sanly soraglar gelip gowuşýar. Soraglaryň aglabasy mekdebe kabul edilmegiň tertibi, okuwa girmek üçin bildirilýän talaplar we zerur resminamalar bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Ata Watan Media paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Bilelikdäki Türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary Muhittin Şahin we Esra Can bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çagalary bu mekdebe kabul etmegiň tertibi, okuwa girmek üçin bildirilýän talaplar, okuw mümkinçilikleri hem-de ene-atalary gyzyklandyrýan beýleki meseleler barada gürrüň edildi.

Hormatly okyjylarymyz!

Bilelikdäki Türkmen-türk mekdebi barada taýýarlanan bu söhbetdeşligi aşakdaky jemgyýetçilik torlaryndaky sahypalarymyzdan dolulygyna tomaşa edip bilersiňiz:

  • Instagram: @atavatanturkmen
  • TikTok: @atawatanhabarlary
  • YouTube: Atavatan TV

Related posts

Türkmenistan-Özbegistan: bilim ulgamynda täze teklipler

Diplom ykrar etmek: Gerekli resminamalaryň sanawy

2026-njy ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy