Eziz Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy.
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda döwletimiz boýunça tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgünde Gökderedäki, welaýat merkezlerinden bolsa welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine çagalary dynç alşa ugratmak dabaralary geçirildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň degresini dag etekläp oturan gözel Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri, wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereker eder, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 7145 çaganyň dynç alşy guralar.
Döwletimiziň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1500 çaganyň dynç alşy guralar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 10 günden ybarat bolan 4 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1783 çaganyň dynç alşy guralar.