JEMGYÝET

Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi

Şu gün  Bütindünýä welosiped gününiň baýramçylyk dabaralary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Ir bilen paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi.

Welosipedli ýörişe badalga berilýän ýerde belent ruhda ýaňlanan aýdym-sazlaryň astynda ýerine ýetirilen köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Ajaýyp döwürde gurlup ulanmaga berlen il-ýurt ähmiýetli, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalary uly buýsanç bilen synlan welosipedçiler ýörişi uly ruhubelentlik bilen dowam etdirdiler. Barha bagy-bossanlyga bürenýän, döwrebap binalary bilen gözel görke eýe bolýan ýurdumyzyň ajaýyp keşbinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurt abadançylygyny üpjün etmek babatdaky şähergurluşyk we ekologiýa syýasatynyň oňyn netijeleri aýdyň şöhlelenýär.

Related posts

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

11 aýda 49 kanun kabul edildi

Türkmen-Türk vatandaşların karşılıklı geliş-gidişleri istişare edildi

vepa