JEMGYÝET

«Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany milli nagyşly altyn çaýylan tegelek görnüşde bolup, onuň umumy diametri — 45 mm.

Döşe dakylýan nyşanyň diametri 21 mm bolan ýerligi altyn çaýylan Gün şöhleleri şekillendirilen merkezi tegeleginiň merkezinde altyn çaýylan, beýikligi 16,5 mm, ini 13,6 mm bolan türkmen bedewiniň şekili ýerleşdirilen. Döşe dakylýan nyşanyň merkezi tegeleginiň daşynda ini 4,6 mm bolan ýaşyl reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde harplaryň beýikligi 2,4 mm bolan «TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ US­SAT HA­LY­PA SEÝ­SI» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa deň aralykda ak reňkli sirkoniý daşlarynyň bäşisi ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşanyň ini 5 mm bolan daşky tegelekde her biriniň içinde bir sany ak reňkli sirkoniý daşy ýerleşdirilen on alty sany nal şekillendirilen.

Döşe dakylýan nyşan halkajyklar arkaly beýikligi 16,2 mm we ini 30 mm bolan gönüburçly altyn çaýylan kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada türkmen milli gölleri, iki sany zeýtun pudagy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady