JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewe gutlag hatyny iberdi.

«Report» agentliginiň habar bermegine görä, gutlagda şeýle diýilýär:

«Hormatly Ilham Geýdar ogly!

Sizi we Azerbaýjan Respublikasynyň bütin halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Häzirki wagtda Azerbaýjan ykdysadyýetde, infrastrukturada we medeniýetde täsirli üstünlikleri görkezip, çalt depginler bilen ösýär, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň şu günki günde has-da dinamiki we yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygymyzy bildirýäris.

Hormatly Ilham Geýdar ogly, şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagt, doganlyk Azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk dileýärin».

Related posts

Aşgabadyň saglyk merkezleri “German Design Award 2025” baýragyna mynasyp boldy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Hytaý we Rumyniýa üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri