JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri:Azerbaýjan bilen gatnaşyklar mundan beýläk-de ösdüriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewe gutlag hatyny iberdi.

«Report» agentliginiň habar bermegine görä, hatda şeýle diýilýär:

«Hormatly Ilham Geýdar ogly!

Sizi we doganlyk Azerbaýjan Respublikasynyň halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Dürli ugurlar boýunça üstünlikli ýola goýlan özara bähbitli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de iki doganlyk halkyň bähbidine ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Ilham Geýdar ogly, şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagt, jogapkärli işiňizde üstünlikler, doganlyk Azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we mundan beýläk-de rowaçlyk dileýärin».

Related posts

“Mawy Ýüpek Ýoly” ynamly Durmuşa Geçýär

vepa

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar

Abdul Gani Baradar: TOPH taslamasy sebit üçin ähmiýetli