Şu gün ýurdumyzyň ähli künjegindäki umumy bilim berýän orta mekdeplerde 12-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Bu şatlykly waka diňe bir mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem, mekdep mugallymlaryň hem durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup durýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda orta mekdebi tamamlap, parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderilere çalym edýän uçurymlar bu dabaraly günde mugallymlara aýratyn sylag-hormat bilen garaýarlar. Olara ter gül desselerini gowşurýarlar. Çünki mugallymçylyk hormatly kär.
Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu okuw ýylynda Aşgabat şäheri boýunça uçurymlaryň 12 müň 851-si, Arkadag şäheri boýunça 237-si mekdep bilen hoşlaşýar.
Ahal welaýaty boýunça 14 müň 337, Balkan welaýaty boýunça 8 müň 680, Daşoguz welaýaty boýunça 23 müň 798, Lebap welaýaty boýunça 23 müň 700-e golaý, Mary welaýaty boýunça 25 müňden gowrak okuwçy mekdebi tamamlap, uly durmuşa gadam basýar.
2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralary guralýar.
