BILIM

Aşgabatda II Halkara internet olimpiadasyna badalga berildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyna badalga berildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bu internet olimpiadasyna dünýäniň 22 ýurtlarynyň, şol sanda GDA döwletleri, 58 ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşýar.

710 talybyň gatnaşmagynda geçirilýän bu internet olimpiadasyna Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň wekilleri eminlik eder. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň, Belarus Respublikasynyň Belorus döwlet uniwersitetininiň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň professorlary bar.

Bu internet olimpiadasynyň esasy wezipesi zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň aýry-aýry ylmy merkezleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda şahsy bäsleşikler “A” we “B” kategoriýalarda geçiriler.

Himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy 17-nji noýabrda geçiriler. Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar sylaglanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri