MEDENIÝET

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly döwletiň ýurdumyzda geçiriljek Medeniýet günleriniň dabaralary Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherlerinde guralar. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkiýäniň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň çäginde dostlukly ýurduň sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdymdyr sazlary bilen çykyş ederler. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň hem sergisi guralar.

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy bilen ýakyn günlerde tanyşdyrarys.

Related posts

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçiriler

«Zenan  eliniň  çeperligi – haly, keşde, keçede»  atly  Halkara  dialogy  geçirildi

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy