JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Merkezi Aziýa–Azerbaýjan altytaraplaýyn formaty hyzmatdaşlyga täze itergi berer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda döredilýän täze altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşiniň sebit ýurtlarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigini we hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini aýtdy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynda eden çykyşynda belläp geçdi.

«Hormatly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Geýdar ogluny şu mejlisde tüýs ýürekden gutlaýaryn» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjanyň bu görnüşe doly hukukly gatnaşyjy hökmünde goşulmagy baradaky kararyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlatdy.

«Hormatly Ilham Geýdar ogly, Sizi we Siziň şahsyňyzda tutuş Azerbaýjany ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Related posts

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Ata Watan Eserleri

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Halkara we ýerli kärhanalar Aşgabatda geçiriljek ilkinji Halkara Çagalar sergisine we ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar!