JEMGYÝET

Tokaýew Pakistana döwlet sapary bilen barar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 3-4-nji fewralda Pakistana döwlet sapary bilen barar. Bu barada Akordanyň metbugat gullugy mälim etdi.

Maglumata görä, saparyň dowamynda Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif we ýurduň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen gepleşikler geçiriler. Duşuşyklaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Tokaýewiň Gazagystan-Pakistan işewürler forumynyň işine gatnaşmagyna hem garaşylýar.

Related posts

25-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Yabancının konakladığı yer hakkında belge

vepa

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady