“Merkezi Aziýa – Azerbaýjan” görnüşindäki ilkinji sammit 8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda gecırılen Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, ilkinji sammitiň gün tertibiniň taslamasy eýýäm taýýarlanyp, bu görnüşe gatnaşýan ähli döwletlere iberildi.
Hormatly Prezidentimiz gün tertibiniň taslamasyna hyzmatdaşlygyň bäş esasy ugrunyň girizilendigini aýtdy.
«Biz gün tertibiniň taslamasyny taýýarlap, gatnaşyjy döwletlere iberdik. Onda hyzmatdaşlygyň bäş esasy ugry göz öňünde tutulýar. Olar: parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk bilen bagly häzirki zaman sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmak; Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak; energetika, durnukly ulag we logistika geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek; daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we Aral deňzini dikeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak; şeýle hem medeni, bilim we ylmy gatnaşyklary ösdürmek, talyp we ýaşlar alyş-çalyşlaryny giňeltmek» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
