JEMGYÝET

Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygymy tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

 

Related posts

George W. Bush’tan Türkmenistan’a mektup

vepa

Indi alyp baryjy hem bolar

Güýzlük bugdaý ekişi badalga aldy

Ata Watan Eserleri