SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Türkmenistan bilen lukmançylyk pudagyndaky tejribesini paýlaşmaga taýýar

Russiýa Türkmenistan bilen lukmançylyk pudagyndaky tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýewgeniýa Kotowa Türkmenistana iş saparynyň dowamynda žurnalistlere habar berdi.

«Biziň kärdeşlerimiz bilen paýlaşara tejribämiz bar. Biz olara hünärmenleri taýýarlamakda kömek bermäge, döwrebap lukmançylyk önümlerini, şol sanda derman serişdelerini, sanjymlary we häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny hödürlemäge taýýardyrys. Biz öz tejribämizi paýlaşdyk we mundan beýläk hem paýlaşmagy maksat edinýäris» diýip, ol belledi.

Kotowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli açylan birnäçe lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

«Hakykatdan hem, bu merkezler örän döwrebap bolup, iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir. Olaryň binagärlik çözgütleri özboluşly we öňdebaryjydyr. Mundan başga-da, lukmançylyk tehnologiýalary bilen birlikde, näsaglaryň rahatlygy, lukmançylyk işgärleriniň iş şertleri we logistikanyň netijeli guralmagy aýratyn üns merkezinde saklanypdyr. Şeýle desgalary döretmek boýunça tejribe bilen tanyşmak biziň üçin hem örän gyzykly boldy» diýip, ol nygtady.

Ministriň orunbasary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergä we ylmy maslahata hem gatnaşdy.

Serginiň çäklerinde Rus öýi tarapyndan guralan sergi diwarlygynda Russiýanyň 13 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi, şol sanda lukmançylyk ugurly uniwersitetler tanyşdyryldy.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa serginiň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hünärmenleriň, alymlaryň we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşmagy üçin giň mümkinçilik döredýändigini belledi.

«Russiýanyň wekiliýeti bu ugurlar boýunça geçirilýän çärelerde adatça iň köp sanly wekiliýetleriň biri bolýar. Sebäbi Moskwadan Tumene çenli dürli sebitlerden gelen ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden başga-da, köp sanly lukmanlar we lukmançylyk ylmy işgärleri hem gatnaşýarlar» diýip, ol žurnalistlere gürrüň berdi.

Sergide tanyşdyrylan ýokary okuw mekdepleriniň biri hem Tumen döwlet uniwersitetidir. Uniwersitetiň prorektory Andreý Tolstikow okuw mekdebiniň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigini aýtdy.

Bu hyzmatdaşlyk işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, hünärmenleri taýýarlamagy, talyp alyş-çalşygyny, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegi, ylmy maslahatlary we forumlary guramagy öz içine alýar.

Related posts

Filippinler “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Täze saglyk merkezlerini gurmak göz öňünde tutulýar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri