SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan-Türkiýe ugry: köp sanly uçar gatnawlary göz öňünde tutulýar

Mälim bolşy ýaly, soňky aýlarda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Sentýabr aýynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýorite gatnawlaryny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Gelip gowşan täze habara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň sentýabr aýynda 16 sany ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirmegine  garaşylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  Türkhowaýollary” awiakompaniýasy sentýabr aýynda her hepdäniň duşenbe we anna günlerini ýörite uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy hem sentýabr aýynda 7 sany ýörite gatnawy meýilleşdirýär. Bu uçar gatnawlaryň uçuş rejesiniň üýtgäp bilýändigi sebäpli bu gatnawlar baradaky habarlary ozalkysy ýaly amala aşyrylýan günleri dykgatyňyza ýetireris.

Şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sentýabr aýynda Belarusyň paýtagty Minsk şäherine hem birnäçe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini bellemek isleýäris.

Şu ýerde ýene-de bir zady ýatlatmak isleýäris. Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa we Frankfurt şäherlerine adaty ýolagçy gatnawlaryny ýola goýdy.

Related posts

Aşgabatdan 3 ugra gündelik otly gatnawlary

Ata Watan Eserleri

Baýramçylykda 4 myhman çagyrmaga rugsat edildi

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw