JEMGYÝET

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine (WUF13) gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy.

«Report» agentliginiň habar bermegine görä, ony Geýdar Aliyew adyndaky Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisi (WUF13) başlaýar. «Report» agentliginiň habar bermegine görä, çäre Baky Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Maý aýynyň 22-sine çenli dowam etjek bu forum Azerbaýjan hökümetiniň we BMG-niň Adam we ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) ýakyn hyzmatdaşlygynda guralýar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni bilen gutlady

«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi