JEMGYÝET

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministriniň uly orunbasary Ýano Kazuhiko bilen duşuşugy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek, türkmen talyplarynyň Ýaponiýanyň MEXT (Monbukagakusho) maksatnamasyna gatnaşygyny artdyrmak, Türkmenistan üçin aýratyn kwota ýa-da ýurt boýunça orunlary döretmek, STEM, inženerçilik, emeli aň we daşky gurşaw boýunça bilim ugurlaryny ösdürmek, Ýapon gaznasy we beýleki guramalar arkaly mugallymlary ibermek, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili merkezlerini döretmek, okuw kitaplary, sanly serişdeler bilen üpjün etmek we ýerli mugallymlar üçin taýýarlyk maksatnamalaryny guramak, ýapon tehniki bilim modellerini (KOSEN görnüşli kollejler) ornaşdyrmak, “akylly” synp tehnologiýalary, robototehnika we ýaşyl tehnologiýalar boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

2026-njy ýylyň 15-nji maýda Ýaponiýanyň «SPRIX Inc.»  guramasynyň Halkara müdürliginiň başlygy Shinya Sayu  bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly bilim we baha beriş hyzmatlaryny hem-de okuw maksatnamasyny işläp düzmek, Türkmenistanyň bilim ulgamynda TOFAS kämilleşdiriş synagyny girizmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak we emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi