SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

“RŽD” (Russiýanyň demir ýollary) kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow Türkmenistana tarap syýahatçylyk boýunça demir ýol ugurlaryny ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny hasaplaýar.

“Mümkinçilikleri we Türkmenistanyň nähili ösýändigini, bu ýerdäki taryhy nazarda tutsaň we bu diňe bir Demirgazyk bilen Günorta däl, eýsem Gündogar bilen Günbatary hem birleşdirýän ägirt uly taryhdyr. Bu siziň ýurtlaryňyzyň ýolbaşçylary bilen bilelikde örän aýawly saklaýan taryhyňyzdyr we şol bir wagtyň özünde siz düýbünden täze, döwrebaplygy gurýarsyňyz. Şonuň üçin hem, bu mümkinçiligi siziň bilen bilelikde örän gowy we örän güýçli ulanmalydyrys diýip hasaplaýaryn” — diýip, ol GDA agza döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň mejlisiniň çäginde žurnalistler bilen bolan gürrüňdeşlikde aýtdy we şeýle ugurlara şübhesiz gyzyklanmanyň bardygyny sözüne goşdy.

GDA agza döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisi 13-14-nji maýda Aşgabatda geçirildi.

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar