Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow «Air Belgium» awiakompaniýasynyň baş edarasyna baryp, bu ýerde «Air Belgium» kompaniýasynyň Baş direktory Žorž Şaşati bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Žorž Şaşatiniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran netijeli saparynyň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol saparyň çäklerinde ol ýurduň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçiripdi. Onuň Türkmenistana saparynyň jemleri boýunça Aşgabadyň Halkara howa menzili arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmagy göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekilipdi.
Ýük gatnawlarynyň tiz wagtda ýola goýulmagynyň amaly taraplaryna, şeýle hem bu işi guramak bilen baglanyşykly tehniki aýratynlyklara aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem şu ýylyň awgust aýynyň başynda amala aşyrylmagyna garaşylýan ilkinji ýük uçuşynyň bellenilmegine bagyşlanan simwoliki dabarany geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Žorž Şaşati Aşgabadyň Halkara howa menziliniň logistika we ulag nukdaýnazaryndan örän uly ähmiýete eýedigini belledi. Aşgabat halkara howa menziliniň ýük awiagatnawlaryna durnukly, howpsuz we netijeli hyzmat etmegi üpjün etmek üçin zerur şertlere, şol sanda ýangyç guýmak we tehniki goldaw bermek mümkinçiliklerine eýedigi nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan halkara awiadaşyjylar we logistika operatorlary üçin hödürlenýän şertleriň özüne çekijiligi aýratyn bellenildi.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag zynjyrynda durnukly, howpsuz we hyzmatdaşlyga açyk halka hökmünde öz ornyny yzygiderli berkidýändigini nygtady.
Awiasiýa logistikasyny ösdürmegiň ýurduň halkara ulag baglanyşygyny giňeltmek we ýük daşamak ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça umumy strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn depginine kanagatlanma bildirdiler we gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Türkmenistan yklymlaryň arasynda ygtybarly, howpsuz we iň esasy zat, ygtybarly ulag köprüsi hökmünde çykyş edip, täze halkara ýük daşaýjylary çekmek boýunça yzygiderli tagallalary etmegini dowam etdirer.
