Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda CAREC maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda amala aşyrylýan işler, bilim ulgamynda “ýaşyl başarnyklary” we adalatly geçiş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler, şeýle hem bu ugurdaky geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň mazmuny we indiki ädimler barada giňişleýin maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, alnyp barylýan işler hünär-tehniki we ýokary bilim ulgamynda “ýaşyl başarnyklary” ösdürmäge, adalatly geçişiň ýörelgelerini ornaşdyrmaga we milli institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Duşuşykda alnyp barylýan işleriň 2022-nji ýylda kabul edilen Pariž ylalaşygy boýunça Milli derejede kesgitlenýän goşantdan (NDC) gelip çykýan wezipeler bilen sazlaşykly alnyp barylmalydygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin zerur bolan başarnyklary kesgitlemek, şolary bilim maksatnamalaryna ornaşdyrmak we degişli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilim edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berildi.
Duşuşygyň dowamynda ýaşyl geçiş bilen bagly strategik maksatlar, şol sanda bu işe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem bu ugur boýunça taýýarlykdan geçen we sertifikatlaşdyrylan mugallymlar barada maglumat berildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de orta hünär bilim edaralarynyň wekilleri bar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk duşuşykda aýratyn oňyn ugur hökmünde bellenildi. Hususan-da, uniwersitetiň oba hojalygy üçin ýaşyl tehnologiýalar bilen baglanyşykly akademiki kurslary taýýarlamak boýunça taslamalara gatnaşýandygy hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kesgitlän strategik ugra, şol sanda Merkezi Aziýada klimatik tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjyna laýyk gelýändigini belledi. Şeýle hem ol häzirki wagtda bilim ulgamynda ornaşdyrylýan sanly çözgütleri we platformalary tanyşdyrdy. Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bu ugurdaky işleri ýokary bahalap, geljekde bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak, ýokary goşulan gymmatly ykdysadyýet we bilimler ykdysadyýeti üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem syýahatçylyk ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin has bähbitli başlangyçlary Aziýa Ösüş Banky we CAREC maksatnamasy bilen bilelikde taslama görnüşinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
