DÜNÝÄ

Azerbaýjan Türkmenistanyň Mejlisiniň geçiren konstitusiýa boýunça onlaýn maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly «Konstitusiýa – döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Hukuk syýasaty we döwlet gurluşy baradaky komitetiniň başlygy jenap Guseýnli Ali Muhammad oglu gatnaşdy.

Çärede çykyş eden komitetiň başlygy Azerbaýjanyň Mejlisiň Başlygy Sahibe Gafarowanyň adyndan Türkmenistany Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady. Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Konstitusiýasy barada maglumat beren Ali Guseýnli, 1995-nji ýylda umumymilli lider Geýdar Aliýew tarapyndan esasy goýlan bu taryhy resminamanyň häzirki zaman döwletliligiň binýadyna öwrülendigini we döwletiň syýasy, ykdysady hem-de durmuş ösüşi üçin hukuk binýadyny döredendigini belledi.

Azerbaýjanda Konstitusiýanyň demokratiýanyň esasy bolup durýandygy, syýasy we hukuk durnuklylygyny üpjün edýändigi, adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň goralmagyna kepillik berýändigi belledi. Şunuň bilen birlikde, bu resminama halkyň islegini şöhlelendirýär we döwlet dolandyryşynyň, kanunlaryň üstünliginiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär.

Komitetiň başlygy Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan 2025-nji ýylyň ýurtda “Konstitusiya ýyly” diýlip yglan edilmeginiň bu ugra berilýän ähmiýetiň görkezijisidigini aýtdy.

Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň güýjüniň ýurduň bütin çäginde doly derejede dikeldilendigi nygtaldy. Şeýle hem, döwlet Baştutany Ilham Aliýewiň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gün tertibiniň öňe sürülmegini we sebitde durnukly durnuklylygyň üpjün edilmegini hemişe goldaýandygy bellenildi.

Maslahatda Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda kanunçykaryjylyk ugrundaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

Soňra çärede Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň parlament wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda Konstitusiýanyň döwletlilik däpleriniň berkidilmeginde, hukuk döwletiniň gurluşygynda we raýatlaryň abadançylygynyň üpjün edilmeginde oynaýan möhüm ugry nygtaldy. Şeýle-de, güýçli hukuk binýadynyň döwlet dolandyryşynyň netijeli guralmagy, demokratik institutlaryň ösdürilmegi we jemgyýetçilik durnuklylygynyň goralmagy taýdan aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan Gazagystanda metjit gurdy

Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada

Türkmenistan ICESCO-da synçy derejesine eýe boldy

Türkmen ýaşlary Pekinde geçirilen halkara festiwalda milli medeniýetiň baýlygyny görkezdiler